AJINIYOZ NOMIDAGI NUKUS DAVLAT PEDAGOGIKA INSTITUTI

Nӧküs döwlet pedagogika institutynyň gündizki bӧlümi tälim ýӧnelişlerinden türkmen dilindäki toparlara sanawdan geçen abiturientler üçin dӧredijilik (hünär) synaglary

Hormatly abiturient!
2020/2021 – nji okuw ýylynda Nӧküs döwlet pedagogika institutynyň gündizki bӧlümi tälim ýӧnelişlerinden türkmen dilindäki toparlara 5110100 – Matematika we informatika, 5110900- Pedagogika we psihologiýa, 5111300 – Türkmen dili we edebiýaty, 5111700- Başlangyç tälim ýӧnelişleri boýunça bakalawriýatyna sanawdan geçen abiturientler üçin dӧredijilik (hünär) synaglary 2020-nji ýylyň 10-11 -nji sentýabrynda başlanýar. Synagyň geçirilýän salgysy: Nӧküs şäheri, 26-njy kiçi rayon, Nӧküs döwlet pedagogika institutynyň esasy baş binasynyň sport zaly.

Abiturient düşünmedik soraglary boýunça aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup biler:

Institutyň rektory, kabul ediş komissiýasynyň başlygy Otemuratow Baýram Perdebaýewiç, tel: 99861 -229-40-75; 
Call center (merkeziniň) telefon belgileri: 99861 -229-40-96; 99861 -229-40-97; 99861 -229-40-98; 99861 -229-41 -03;
Call center (merkezi) boýunça jogapkär Dilmanow Ilýuşa, tel: 99893-712-64-64.
Institutyň kabul ediş komissiýasy jogapkär sekretarynyň telegramm boty 99893-920-84-71 (Abdirahman Saparow) .
Dӧredijilik synaglaryny guramak we bellige almak (resmileşdirmek) boýunça jogapkär Rzamurat Jiemuratow, tel: +99897 355-58-07;
Nӧküs döwlet pedagogika institutynyň resmi web sahypasy (www.ndpi.uz).
Telegramm boty – NDPI kabul ediş komissiýasy 2020
(http://t.me/nmpi_qabillaw_komissiyasi)


Hormatly abiturient!
Tertip (raspisaniýe) boýunça döredijilik synagyň geçirilýän güni bellenilen salgysyna (menziline) karantin kadalaryna, talaplaryna amal edip, howpsuzlygyňyzy üpjün edip,
raýatlygyňyzy tassyklaýan hüjjetleriňiz – pasportyňyz hem-de şahadatnamaňyz, ýa-da attestatyňyz bilen ӧz wagtynda gelmegiňizi haýyş edýäris. Gadyrly ata-eneler we garyndaşlary, synag günlerinde öýde galmagyňyzy we ekzamenleriň alyp barylyşyny www.ndpi.uz web-saýty (sahypasy) arkaly onlaýn görmegiňizi haýyş edýäris.

Nӧküs döwlet pedagogik institutynyň kabul ediş komissiýasy